+993 12 400212

korporatiw

Wiza

Umumy Maglumat

Bildirişler

Hormatly Türkiýe Wizasy Üçin Ýüz Tutanlar

31 Ocak 2023

Başga Bildirişler

Hormatly Türkiýe Wizasyna Ýüz Tutujylarymyzyň Ünsüne; Oraza baýramy dynç alyşy mynasybetli 31-njy marta Türkiye Respublikasy Aşgabat İlçihanasy Türkiye Wiza Ýüzlenme Merkezi ýapykdyr. Bayramçylyk dynç alyşy günlerinde aşakdaky elektron poçta salgymyz ýa-da sosial media hasaplarymyz arkaly biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz. 2025-nji ýylyň Aprel aýynyň 1-ine Sişenbe gününden başlap hyzmat bermäge dowam ederis.

28 Mart 2025

Daha köp oku

Hormatly Ýüz Tutujylarymyz, Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistan Döwleti tarapyndan resmi dynç güni diýlip yglan edilen, 2025-nji ýylyň 21-22-nji martynda Türkiye Respublikasy Aşgabat İlçihanasy Türkiye Wiza Ýüzlenme Merkezi ýapykdyr. 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-i duşenbe gününden başlap hyzmat bermäge dowam ederis.

19 Mart 2025

Daha köp oku

Hormatly Türkiýe Wizasyna Ýüz Tutujylarymyzyň Dykgatyna; Adaty nobat bilen wiza ýüz tutmalar dowam edýär we wiza yüzlenmeleriňizi has çalt we yzygiderli tamamlap bilmegiňiz üçin 24.02.2025 senesinden başlap VIP hyzmatlarymyzyň hem öňünden nobata belleniş ulgamyna geçendigini habar bermek isleýäris. Has netijeli we has çalt hyzmat üçin nobata bellenmek we jikme-jik maglumat almak üçin web sahypamyza girip we sorag-jogap merkezimize ýüz tutup bilersiňiz.

19 Şubat 2025

Daha köp oku

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ AŞGABATDAKY ILÇIHANASYNDAN WİZA ÝÜZLENMEK BARADA MÖHÜM BİLDİRİŞİ Türkiýe Respublikasyna syýahat etmek üçin wiza ýüzlenmeler Gateway International kompaniýasynda kabul edilyär we bu wiza ýüzlenmeler Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan seljerilýär. Bu babatda; • Wiza ýüzlenmek üçin resminamalar wiza ýüzlenijiniň diňe özi tarapyndan wiza merkezine tabşyrylmalydyr. • Wiza ýüzlenme tölegleri Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan kesgitlenýär we diňe Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gateway International kompaniýasynyň wiza ýüzlenme merkezinde wiza üçin ýüzlenilende alynýar. • Belli bir töleg garşylygynda wiza almagy wada berýän haýsydyr bir kompaniýa, gurama ýa-da şahsyýete bil baglamazlyk möhümdir. • Wiza ýüztutmasynda berlen resminamalaryň takyklygy / hakykylygy / ygtybarlylygy üçin wiza ýüzleniji jogapkärçilik çekýär. Wiza ýüztutmasynda berlen resminamalaryň galplaşdyrylandygyna göz ýetirilse, arza berijä garşy administratiw çäreler görülip bilner. Şeýle-de, belli bir wagtdan soňra ýüz tutujy başga bir wiza üçin ýüzlense, öňki wiza ýüzlenmesinde berlen galp resminamalary göz öňünde tutulyp seljeriler. • Wiza ýüzlenmesinde talap edilýän resminamalar araçy kompaniýalar, guramalar ýa-da şahsyýetler tarapyndan taýýarlanan bolsa we taýýarlanan resminamalaryň galplaşdyrylandygyna göz ýetirilse, bu ýagdaýda diňe ýüz tutujy gönüden-göni jogapkärçilik çekýär. Bu babatda; çykgynsyz ýagdaýa düşmez ýaly, ýüz tutujylar wiza üçin resminamalaryny özleri taýýarlamalydyrlar we wiza alyp bermek wadasy bilen wiza tölegi hökmünde töleg alýan kompaniýalara, guramalara we şahsyýetlere ýüzlenmeli däldirler; Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan we Gateway International kompaniýasyndan başga wiza ýüzlenme barada maglumat berýän üçünji guramalaryň we şahsyýetleriň göz öňünde tutulmazlygy möhümdir. Wiza tölegleri we wiza ýüzlenmek üçin resminamalary barada jikme-jik maglumatlary bilmek üçin +993 12 400212 telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz ýa-da www.gatewayinternational.com.tr web sahypasy arkaly öwrenip bilersiňiz.

10 Şubat 2025

Daha köp oku


+993 12 400212

© Gateway International Visa and Consultancy Services Inc.2023. Ähli hukuklar goralandyr.