Gadyrly Myhmanymyz,
Türkiýede Ýaşaýyş Rugsady Nobatyna Bellenmek amallaryňyzy, Türkmenistandaky edaramyzdan satyn alan Daşary Ýurt Saglyk Ätiýaçlandyryşyna goşmaça hyzmat hökmünde hödürleýän “Türkiýede Ýaşaýyş Gollanmasy” hyzmatymyzyň saýasynda rahat we amatly ýerine ýetirip bilersiňiz. Munuň üçin ýerine ýetirmeli ädimleriňiz gaty aňsat!
*Ätiýaçlandyryşa goşmaça hökmünde berýän bu hyzmatymyz häzirlikçe diňe Türkmenistan ofislerimizden satyn alynýar.
Ýatdan çykarmaň!
Daşary Ýurtlular we Halkara Gorag Kanunyna laýyklykda, Daşary Ýurt Saglyk Ätiýaçlandyryşyňyzy Ýaşaýyş Rugsadyna ýüz tutmazdan ozal almalysyňyz.
Daşary Ýurt Saglyk Ätiýaçlandyryşy barada jikme-jik maglumat almak üçin basyň.
Ýaşaýyş Rugsady Nobatyna Bellenmek Amallary
2 Ädimde Tiz Nobata Bellenmek Prosesi aşakdaky ýalydyr:
1. ÄDİM
Aşakdaky görkezilenler barmy?
- Sorag Jogap Gulugyna jaň etmezden ozal Türkiýäniň çäginde bolmalysyňyz.
- Zagran Pasportyňyz ýanyňyzda bolmaly. Sebäbi pasport maglumatlaryňyzy Migrasiýa Edarasy ulgamyna girizmeli.
- SMS tassyklamak üçin jübi telefonyňyz ýanyňyzda bolmaly. (Türkiyäniň telefon belgisine eýe bolmalysyňyz. Migrasiýa Edarasynyn talaby.)
- Öziňize degişli e-poçta salgyňyz bolmaly. (E-poçta salgyňyz Migrasiýa Edarasy Türkiye aragatnaşyk maglumat ekranynda talap edilýär.)
- Galjak adresiňizi subut edýän resminama** eýýe bolmalysyňyz. (Bu resminamalar üçin sahypanyň aşagyndaky maglumatlary barlap bilersiňiz.)
2. ÄDİM
“Türkiýede Ýaşaýyş Rugsady Nobaty” amallaryňyz, barada Sorag Jogap Gulugymyzyň telefon belgisine (0850 242 41 13) jaň edeniňizde, hünärmen toparlarymyzyň size hödürlejek hyzmaty aşakdaky ýalydyr:
1. Nobat we Hasaba alynmak
Sorag Jogap Gulugymyzyň belgisine jaň edeniňizde, amallaryňyzy çalt we takyk amala aşyrmagyňyz üçin size kömek edýäris. Berlen maglumatlara laýyklykda SMS tassyklama koduny bize ibermegiňiz ýeterlidir. Amalyňyz tamamlanandan soňra, nobata bellenen günüňizi, wagtyňyzy we barmaly ýeri baradaky maglumatyňyzy e-poçta salgyňyza iberýäris.
2. Resminamalaryň Laýyklygy
Hünärmen toparlarymyz tarapyndan resminamalaryňyzy gözden geçirýäris we talaplaryň berjaý edilişini barlaýarys.
3. Gollanma
Nobata belleneniňizden soňra size ýol görkezmek maksady bilen e-poçta adresiňize gollanma iberýäris. Gollanma gözden geçirmegi ýatdan çykarmaň!
** Galjak Adresiňizi Subut Edýän Resminamalar
Arza üçin aşakdaky resminamalaryň biri ýeterlikdir:
🏠 Öz öýüňizde galýan bolsaňyz: Jaýyň resminamasynyň fotokopiýasy.
📄 Kärende bir öýde galýan bolsaňyz: Notarius tarapyndan tassyklanan kärendesine alnan şertnama.
🏨 Myhmanhana we ş.m. ýaly ýaşaýyş jaýlarynda galýan bolsaňyz: Ýaşaýandygyňyzy subut edýän resminama we galýan döwründe tölegiň edilendigini görkezýän kwitansiýa.
🏫 Talyp umumy ýaşaýyş jaýynda galýan bolsaňyz: Umumy ýaşaýyş jaýynda galýandygyňyzy subut edýän elektron gol çekilen/gol çekilen we möhürlenen/möhürlenen resminama.
👥 Başga biriniň ýanynda galýan bolsaňyz: Notarius tarapyndan berlen borçnama (Öý eýesi nikaly bolsa, ýanýoldaşynyň notarius tarapyndan tassyklanan borçnamasy hem talap edilýär). Mundan başga-da, borçnama beren adamyň adyna çykarylan täze seneli elektrik, suw, tebigy gaz ýa-da öyjükli telefon töleglerinden biri ýa-da täze abonentler üçin abuna şertnamasy tabşyrylmalydyr.